Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň ýakynda geçiriljek mejlisiniň gün tertibiniň esasy ugurlaryny aýtdy

13:47 19.07.2023 5325

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8177/original-164b7a3313c88c.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Birinjiden, geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikler bermek ýaly möhüm ugurlara degişli alnyp barylýan işleriň täzeden seljerilmelidigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maýa goýum, migrasiýa syýasaty, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ikinjiden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geriminiň barha giňeýändigini nazara alyp, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň, hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmagyň meselelerine garalmalydyr.

Üçünjiden, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dördünjiden, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, şol sanda bu pudaklaryň işine degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyň kämil bolmagyna gönükdirilen işler boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr.

Bäşinjiden, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini saklamak bilen bagly ulgamy giňeltmek, oba hojalyk senagatynda emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini dowam etdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň işini netijeli dolandyrmagyň, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Altynjydan, Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek, olary giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleriň üstünde iş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şu we beýleki pudaklara, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň wajyp ugurlaryna degişli meseleler boýunça geçirilen işleriň netijeleri boýunça Prezidente degişli hasabatlarydyr maglumatlary bermek, ol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, degişli çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.