Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi
13:46 19.07.2023 5176
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek hakynda karara gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýaşululary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen kabul edildi.
Degişli resminama 18-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çekildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümi tassyklanyldy.
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.