TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
13:13 18.07.2023 7710
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, nah ýüplük, nah we jinsi matalary, şeýle hem buýan köki ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 372 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär
Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhubelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edilýär.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Dünýäde nebite bolan isleg 2028-nji ýyla çenli artar — HEA
Halkara energetika agentligi (HEA) iýun hasabatynda dünýäde nebite bolan islegiň 2028-nji ýylda günde 105,7 mln barrele ýetjekdigini çaklaýar. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan günde 5,9 mln barrel artykdyr.