Ilkinji hyzmatdaşlar we çykyş etjekler «OGT Türkmenistan -2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjakdygyny tassykladylar
12:49 13.07.2023 10507
Yug-Neftegaz kompaniýasy 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriljek OGT-2023 Halkara sergisinde we maslahatynda kümüş hyzmatdaşlygyny tassyklady. Bu barada çäräniň Guramaçylyk komiteti mälim edýär.
OGT-2023 maslahatynyň çäklerinde birnäçe wekilleri çykyşlaryny tassykladylar. Olaryň hatarynda: Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş direktory Gaý Lens; ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy ilçi Jon MakGregor; BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko; BMG-niň Metan zyňyndylary boýunça Halkara obserwatoriýasynyň ýolbaşçysy Manfredi Kaltažirone; GHGSat Inc. Kompaniýasynyň prezidenti Stefan Žermen; Climate Compass halkara işewürliginiň ösdürmek bölüminiň başlygy Sandilýo Banerji bar.
Forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» Hojalyk jemgyýeti we GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde çykyş eder.
Forumyň maksady energetiki toplumy mundan beýläk hem durnukly ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, dünýäniň energetika ulgamynda soňky ýörelgelere syn bermek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.
Maslahat bilen ugurdaş geçirilýän OGT Expo sergisi ýerli we dünýä energetika pudagynyň iň täze gazananlaryny hödürlär. Şu ýylda sergide hödürleniljek täze elementler milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümligini ýüze çykarmaga gönükdiriler.
Maslahatyň çäklerinde işewür duşuşyklar mümkin bolan hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika, nebithimiýa toplumynda täze maýa goýum taslamalary barada habarlylygyny artdyrar.
Maslahatyň maksatnamasy Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini, içerki we sebit ösüşiniň, uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtlerini maslahatlaşmaga, ýaşyl energetika geçişi tizleşdirmäge gönükdirilendir.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary foruma gatnaşmak üçin 16-njy oktýabra çenli, onlaýn gatnaşmak üçin bolsa 20-nji oktýabra çenli hasaba alnyp bolýandygyny habar berýärler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.