Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
12:43 11.07.2023 9155
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Owganystanyň şahtalar we nebit ministriniň bellemegine görä, bu sebitde nebitiň çykarylyp başlanmagy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ädim boldy. Käni işläp taýýarlamaklyk gymmatly çig malyň günde 100 tonna golaýyny çykarmaga mümkinçilik berer.
Geljekde ýurduň häkimiýeti uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekligi hem ýola goýmagy meýilleşdirýär. Owganystanda ýurtda ilkinji nebiti gaýtadan işleýän zawody gurmak teklibi nebiti çykarmaga badalga bermek dabarasynda aýdyldy. Dabara Owganystanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Häzirki wagtda owgan nebitçileri Amyderýa basseýninde 9 sany guýy burawladylar. Senagat we şahtalar palatasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu çäkleri özleşdirmeklik we nebit çykarmaklyk döwleti ýangyç bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.
Owganystanyň nebit senagatynyň dikeldilmegine CNPC hytaý kompaniýasy ýardam edýär. 2023-nji ýylda kompaniýa şu maksat bilen 162 mln dollar maýa goýar, geljek üç ýylda — 540 mln dollar goýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.