Täze desgalara eýe boldular

07:16 10.07.2023 8739

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8078/original-164abb0541583e.jpg

Geçen hepdäniň şenbe güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly daşary ýurt göteriji desgalarynyň dokuzysy gelip gowuşdy. Giň gerimli işleri ýokary talaplara laýyk derejede alyp barmaga niýetlenen «XJ — 450» we «XJ — 650» kysymly bu täze göteriji desgalary trestiň guýulary düýpli abatlaýjy müdirlikleriniň hünärmenleri hormatly Prezidentimize çäksiz buýsanç we bimöçber hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler.

Ýeri gelende aýtsak, konserniň degişli düzümleri şu ýylyň başynda şeýle kuwwatly desgalaryň ýedisine eýe bolupdy. Konserniň Balkanabat şäherindäki Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň giň howlusynda ir säher bilen tutulan dabara konserniň ýurduň günbatar sebitindäki edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly nebitçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uly işjeňlik bilen gatnaşdylar.

Ozal baglaşylan şertnama laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyndan gelip gowşan bu köpugurly we kuwwatly göteriji desgalar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda dürli düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Olaryň kömegi bilen wagtlaýyn hereketsiz duran we guýynyň içinde gaýry zatlaryň tutulyp galmaklary netijesinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak ygtybarly ýola goýulýar.

Özi hereket edýän täze, kuwwatly göteriji desgalaryň garşylanyş dabarasynda çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz ulgamyny ösdürmeklige berýän bimöçber goldawy üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra buýsanç bilen dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gelip gowşan, önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu göteriji desgalara milli däplerimize eýerilip, kümüş saçly enelerimiz ak un sepdiler. Nebitgaz pudagynda köp ýyllap zähmet çekip, häzir hormatly dynç alşyň hözirini görýän il sylagly ýaşulular we bu ýere ýygnanan köp sanly nebitçiler täze desgalaryň möhüm işleri ýerine ýetirijilik mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar.

Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaradan soň, guýulary düýpli abatlamaga niýetlenen täze kuwwatly göteriji desgalar ak ýol arzuw edilip, konserniň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryna dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Şol gün önümçilikde dessine işe girizilen göteriji desgalarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölüminiň talyplarynyň nobatdaky önümçilik tejribelerini geçmekleriniň ýola goýulmagy hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Talyplar täze desgalaryň we olarda oturdylan özbaşdak elektrik beketleriniň, buraw nasoslaryň (sorujylaryň), çüwdürime garşy dolandyryş merkeziniň, zerur bolan halatynda desgany tutuşlaýyn ýuwup arassalamaga niýetlenen enjamyň iş aýratynlyklary, desgada ýerleşýän on sany adama niýetlenen ýaşaýyş otagynyň birkemsiz üpjünçiligi bilen hem içgin tanyşdylar.

Täze kuwwatly göteriji desgalara eýe bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary netijeli işlemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda üstünlikli amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.