«Nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlary»
12:54 09.06.2023 5904
Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary, hünärmenleri, şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow öz çykyşynda nebitgaz pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün etmek, bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak ýaly wezipeleriň buýsandyryjy netijelere eýe bolýandygyny belledi.
Maslahatyň dowamynda institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjowyň «Ýokary temperaturaly karbonat önümli gatlagy kislota ergini bilen işläp geçmegiň aýratynlygy», institutyň önümçilik geologiýasy bölüminiň inženeri Selbinyýaz Sapargeldiýewanyň «Geljegiň energetikasy — wodorod energiýasy», Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Ogulgerek Baýramdurdyýewanyň «Ýaş alymlaryň ylmy we inženerçilik pikirlerini ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň orny», Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty Nazar Nizamedinowyň «Gudrony asfaltsyzlaşdyrmagyň oňaýly usullaryny işläp düzmek» atly temadaky we beýleki hünärmenleriň çykyşlary örän täsirli boldy.
Dabaraly maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary ýygnananlaryň göwünlerini ganatlandyrdy. Maslahatyň ahyrynda nebitgaz senagatynyň ylymda we tehnologiýada gazananlary esasynda ösdürilmeginde netijeli işler alyp barýan hünärmenlere Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.