Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
12:32 09.06.2023 4820
Penşenbe güni Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Şu gün Aşgabatda geçiriljek türkmen-wenger gepleşikleriniň barşynda meseleleriň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.
Düýn günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi diýip TDH habar berýär.
Wiktor Orban türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orny eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen boljak duşuşygyň wajypdygyny belläp, häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi giňeltmek üçin türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy islendik ykdysadyýetiň binýadyny düzýän energetika barada aýdyp, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny bilen bagly meselelerde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisiniň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we bu meseläni has içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklara, degişli kommunikasiýa düzümini giňeltmäge, üstaşyr ulag geçelgeleri, ilkinji nobatda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmäge uly ähmiýet berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda Wengriýada öndürilen derman serişdeleriniň we lukmançylyk önümleriniň 150-ä golaýy bellige alyndy. Ýurdumyzda öz wekilhanasy bolan “Gedeon Rihter” wenger kompaniýasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürýän bilelikdäki önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek baradaky teklip beýan edildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.