TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
12:49 06.06.2023 10556
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplük, tüýjümek, dokma we jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 131 million 657 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 239 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.