«Abraýly dostlar» HK polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy

15:02 10.07.2020 11871

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/184/original-15f07017db21c0.jpeg

«Abraýly dostlar» hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Dürli reňkdäki we görnüşdäki ýokary hilli sapaklar Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan peýdalanylyp öndürilýär.Sapaklary taýýarlamak işi Awstriýanyň SML  kompaniýasynyň döwrebap enjamynda amala aşyrylýar. Taýýar önüm kärhananyň öz barlaghanasynda «ZwickRoell» nemes kompaniýasynyň enjamlarynda, şeýle hem garaşsyz guramalarda yzygiderli hil barlagynda geçirilýär.Iň täze tehnologiýalar uly liniýa dykyzlygynda sapaklaryň ýokary berkligini üpjün edýär. Önümiň hili hatda önümçiligiň ýokary tizliginde hem pese gaçmaýar. Kompaniýa ISO 9001, ISO 10002, ISO 140001, ISO 45001 sertifikatlaryna eýe boldy, onuň önümleri bolsa Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär.Multiflament sapaklary lýamkalaryň we torlaryň, howpsuzlyk kemerleriniň, plastik turbalaryň, üýşme tanaplaryň we stroplaryň, filtrleýji matalaryň, halylaryň, torbalaryň we ýumşak konteýnerleriň önümçiliginde peýdalanylýar.Kompaniýa hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylýar we önüminiň eksportyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu önüm Türkiýä eksport edilýär, şeýle hem kompaniýa önümlerini Ýewropa bazarlaryna ibermek boýunça hem gepleşikleri geçirýär.

Başga makalalar
1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


1623c4aea51404.jpeg
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi

19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.