Türkmenistan we Gazagystan energetika, oba hojalygy, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

12:29 26.05.2023 8925

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/7733/original-164705956d8e72.jpg

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen  Gazagystanyň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy 72% artyp, 438 mln dollara deň boldy. Bu barada Gazagystanyň Ykdysadyýet ministrligi Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara gazak-türkmen 12-nji mejlisinde eden çykyşyna salgylanyp habar berdi. Mejlis 15-nji maýda Astanada geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisiň jemleri boýunça oba hojalygy, energetika, ulag we logistika ulgamlarynda ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi.

Gazagystan KazakhExport eksport ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Taraplar Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etmegi we demirýol aragatnaşygynda bäsdeşlige ukyply nyrh syýasatyny işläp düzmegi ylalaşdylar.

R.Sklýar şeýle hem türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmegiň zerurlygyny belledi.

Mundan başga-da, gazak wekiliýeti türkmen tebigy gazyny we suwuklandyrylan nebit gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem ençeme ýyllaryň dowamynda Gazagystanyň üstünden tebigy gazy bökdençsiz üstaşyr geçirmekligiň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.