ÝB — Merkezi Aziýa forumynda ulag, nebitgaz we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy
09:12 22.05.2023 5370
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 19-njy maýda Almatyda geçirilen ikinji ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli umumy mejlisiň işine gatnaşdy.
Forumyň esasy mowzuklary ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýaşyl we sanly geçiş we iş gurşawyny gowulandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Şeýle hem gatnaşanlar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bilen bilelikde işlenip düzülen ÝB başlangyçlaryny we strategiýalaryny göz öňünde tutup, söwda ösüş mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşykdan soň bilelikdäki beýannama kabul edildi.
Almaty forumynyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Toparynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskiý, Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň global meseleler boýunça wise-kansleri Mýart Wollmer we Halkara Söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Pamela Kouk-Gamilton bilen aýratyn duşuşyklar geçirdi.
Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen geçirilen gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ulag infrastrukturasy, ýaşyl energetika, oba hojalygy we nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategiki taýdan möhüm pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.