Türkmenistanyň Prezidenti: Beýik Britaniýa sapar türkmen-britan hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim boldy
12:14 08.05.2023 8510
6-njy maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
Dabara Westminster ybadathanasynda geçirildi.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany Birmingem şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden ýurdumyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle möhüm çärä gatnaşmagy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, şu gezekki saparyň türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini aýtdy.
Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň maşgala agzalarynyň Aşgabada guran saparlary bu ýurduň Türkmenistana uly üns berýändigini alamatlandyrýar. 1996-njy ýylda Uelsiň Şazadasy Çarlz resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. 2013-nji ýylyň noýabrynda bolsa Ýork Gersogy Şazada Endrýu “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: mümkinçilikler, ýetilen sepgitler, ileri tutulýan ugurlar” ady bilen ýurdumyzda geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň, hususan-da, Beýik Britaniýanyň DIM-niň döwlet ministri Tobias Elwudyň, Premýer-ministriň söwda boýunça wekili, parlamentiň deputaty Çarlz Hendriniň, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy Ronald Neşanyň we beýlekileriň ýurdumyza amala aşyran saparlary britan tarapynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar. Döwletlerimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda umumy bähbidi bar. Ýangyç-energetika, söwda ugurlary, bank ulgamy, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Onuň çäklerinde bilelikdäki işleriň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertler bar. Şunda türkmen bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.
HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy.
Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda HHR-e turba geçiriji arkaly gazyň eksportyny 5% artdyrdy
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri, şeýle hem türkmen Hökümetiniň agzalary gutladylar.