Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberilip başlandy
11:56 01.05.2023 10643
«Ýasir Basir» halkara firmasy Türkmenistandan awtomobil ulagy arkaly suwuklandyrylan nebit gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberip başlady.
Bu barada talibanlaryň Kandagardaky hökümet müdirliginiň habar beriş býulleteni habar berdi. Býulletende Kandagarda Şurandumda geçirilen resmi dabara beýan edildi.
Öň, Pakistanyň hökümeti gyş möwsüminde gazyň ýetmezçiligi bilen bagly çökgünlige sezewar bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýer arkaly Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmegiň meýilnamasyny işläp düzdi.
Geljekde bu sebitde «mawy ýangyjyň» ýetmezçiliginiň meselesini häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi çözmäge ýardam eder. TOPH gaz geçirijisi boýunça «Galkynyş» ägirt uly gaz käninden her ýylda 33 mlrd kub metr gaz iberiler. Bu käni ätiýaçlyk gory 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.
HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy.
Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda HHR-e turba geçiriji arkaly gazyň eksportyny 5% artdyrdy
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri, şeýle hem türkmen Hökümetiniň agzalary gutladylar.