Nebitgaz toplumynda ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
22:42 17.04.2023 6511
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebap ýagdaýda ösdürmeklige uly üns berilýändigini, toplumyň işçi-hünärmenleriniň döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawy ýakyndan duýýandygyny, munuň bolsa olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny aýratyn nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barmak, Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen, iri taslamalary amala aşyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Maslahatda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyna, ulgamda öňdebaryjy tejribeleriň we ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýygnagyň dowamynda şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna görülýän taýýarlyk, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi barada habar berildi.
Hasabat ýygnagynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hormatly Prezidentimiziň nebitgaz toplumynyň işgärlerine bildirýän uly ynamyny ödemekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy.
Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda HHR-e turba geçiriji arkaly gazyň eksportyny 5% artdyrdy
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri, şeýle hem türkmen Hökümetiniň agzalary gutladylar.