«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy Uzynada meýdançasynda nobatdaky guýuda buraw işlerini geçirýär
17:25 14.04.2023 8123
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri Uzynada meýdançasynda 16-njy gözleg guýusynda buraw işlerini geçirýärler.
Guýynyň taslama çuňlugy 6800 metr. Bu günki gün eýýäm 5000 metrden gowrak çuňluk burawlandy.
Burawçylar toparyna buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýew ýolbaşçylyk edýär. Watanymyzy ösdürmek ugrunda goşan goşandy hem-de halal zähmeti üçin ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medalyna mynasyp boldy. Soňky birnäçe ýylda Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygynda burawçylar ýurdumyzyň geljegi uly känlerinde zähmet çekýärler.
Häzirki wagtda olar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Uzynada käninde zähmet çekýärler. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu meýdançada gözleg burawlamasy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hut şu ýerde ýurdumyzda ilkinji aşa çuňlukdaky guýy burawlandy. Ýedi müň metr töweregi çuňlukdan nebitiň we gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Soňra ýene-de şu çuňlukdaky iki guýy burawlandy, olardan hem uglewodorod çig malynyň baý akymy alyndy.
— Biz bildirilen talaplara laýyklykda, işleri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýäris — diýip, Halmyrat Rozyýew aýdýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.