Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi

16:52 30.03.2023 5021

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/7224/original-1642537ef3737f.jpeg

Çarşenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda geçirilen mejlisde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 91,12 göterimi ses berdi. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýere iki we şondan köp dalaşgär dalaş etdi.

Saýlawlaryň ahyrky netijelerine görä, tutuş ýurdumyz boýunça 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň 125 deputatynyň saýlanandygy; 2516 dalaşgärden, 240 welaýat we 960 etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň; 12098 dalaşgärden 5897 Geňeş agzalarynyň saýlanandygy yglan edildi. 

Saýlanan deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň hatarynda Demokratik partiýanyň 3 müň 320 wekili, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 304 wekili, Agrar partiýanyň 1 müň 513 wekili, raýatlar toparlarynyň 2085 wekili bar.

Ses bermek saýlaw okruglarynyň çäklerindäki saýlaw uçastoklarynyň 2602-sinde geçirildi. Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda 42 sany saýlaw uçastogy açyldy.

Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda saýlanan halk wekilleriniň ýokary bilim we hünär derejelerini bellediler. Şolaryň hatarynda döwlet edaralarynyň gullukçylary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, bilim, ylym, medeniýet we sungat ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler, oba hojalygynyň zähmetkeşleri bar. Ýurdumyzyň syýasy durmuşyna zenanlaryň gatnaşygynyň ýokarlanýandygy aýratyn bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigini nygtadylar.

Üç aý dowam eden saýlaw möwsüminiň ähli tapgyryna daşary ýurtly synçylar — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýetleriniň agzalary syn etdiler.

Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyryna 3 müňe golaý milli synçy syn etdi. Şolaryň hatarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriň, raýatlar toparynyň wekilleri bar. Olar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, hiç hili düzgün bozmasyz geçendigini tassykladylar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.