Mary welaýatynda Ýylan käninde gazyň senagat akymy alyndy
19:03 29.03.2023 7547
Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Ýylan gaz käniniň №01 ulanyş-bahalandyryş guýusynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw brigadalarynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen buraw işleriniň netijesinde mümkin boldy.
Burawlanan guýy iki müň ýedi ýüz metr çuňlukdan «mawy ýangyjyň» senagat akymyny berdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýynyň debiti günde tebigy gazyň 991,6 müň kub metrine deňdir.
Täze guýynyň önüminiň arassalygy, kükürt wodorodynyň saklamazlygy bilen tapawutlanýandygy bellärliklidir.
Burawçylar tarapyndan gazanylan netije olaryň birnäçe aýlap yhlasly zähmetiniň netijesi boldy.
«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gaz känlerini gözlemegiň we işläp taýýarlamagyň hasabyna tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine mynasyp goşandyny goşýarlar. Häzirki wagtda olar Mary welaýatynyň çäginde täze gaz känlerinde buraw işlerini üstünlikli ýerine ýetirýärler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.