Iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň dikeldilmeginiň esasy şerti — Gurbanguly Berdimuhamedow
14:58 24.09.2020 7734
Merkezi Aziýada parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Owganystandaky ýagdaýlaryň düzgünleşdirilmegine gönüden-göni baglydyr, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde wideoýüzlenmesinde belledi.
Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi tutanýerlidir we üýtgewsizdir: gepleşikleri geçirmek arkaly işlerden başga ýollar bolup bilmez. Mundan ozalky tejribeleriň ählisi güýç ulanyş usullarynyň geljeginiň ýokdugyny hem-de ylalaşyga we ýaraşmaga getirip bilmeýändigini görkezdi – diýip Prezident belledi.
Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde biziň ýurdumyz öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr – diýip türkmen Lideri belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýähojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hasaplaýarys.
Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, şolar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylmak tapgyryna girdi. Halkara jemgyýetçiligini, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işlere has işjeň goşulyşmaga çagyrýarys – diýip döwlet Baştutany belläp geçdi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.