Suwuklandyrylan gaz we benzin — birža söwdalarynyň öň hatarynda
14:45 24.03.2023 4556
Duşenbe güni, 20-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 15,8 mln dollara barabar bolan 12 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumylykda 8,5 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Onuň her tonnasynyň bahasy 310 dollar. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 2,6 mln dollara barabar boldy.
Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler benziniň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Her tonnasy 439,25 dollar. Nebit önümi boýunça baglaşylan ähli geleşikleriň jemi bahasy 13,1 mln dollardan gowrak boldy.
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.