Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
19:20 23.03.2023 7045
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.
Baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle belledi: «Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär».
Esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde baýramçylyk mynasybetli köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan uly türkmen obasy döredildi. Şeýle hem halky şatlandyrýan belent sesli jarçylary we artistleri bilen Gündogar bazarynyň keşbi sazlaşykly utgaşdy.
Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnaldy. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen girmäge mümkinçilik berýär.
Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri çagyryldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinden bu ýere türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi.
Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda düýn paýtagtymyzda açylan «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylar bar. Olar üçin mähriban halkymyzyň özboluşly däpleri, döredijiligi we türkmen tagamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşmak, köpöwüşginli türkmen toýuna syn etmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi.
Ýakyn günlerde geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge ýurdumyza gelen halkara synçylar hem baýramçylygyň myhmanlary boldular.
Türkmen halky toý-dabaralarda at çapyşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. Birnäçe halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, abraýly baýraklaryň eýesi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Atly ýigitleriň çalasyn hereketleri ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Şol pursatlarda ýaşlar dürli milli oýunlarda bäsleşdiler. Janköýerler pälwanlaryň göreşine, ýaş ýigitleriň tanap çekmek boýunça bäsleşigine uly höwes bilen tomaşa etdiler.
“Nowruz ýaýlasynyň” meýdançasynda milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol saçaklaryň dürli naz-nygmatlardan dolulygy, şol ýerde iň gowy aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary baýramçylyga gatnaşyjylara özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Bu ýerde guralan konsertde halk aýdymlary hem-de häzirki döwrüň awtorlarynyň bahara, Nowruza bagyşlanan aýdym-saz eserleri ýaňlandy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.