Owganystan TOPH gaz geçirijisi boýunça işlere başlamaga taýýar — HBS
19:37 09.03.2023 9578
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri başlamaga taýýarlygy barada Owganystanyň şahtalar we nebit ministrligi habar berdi diýip, BaaghiTV pakistan agentligi ýetirýär.
Owganystanyň şahtalar we nebit ministrligi Yslam Emirliginiň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri doly derejede başlamaga taýýarlygyny beýan etdi diýip, BaaghiTV pakistan agentligi habar berýär.
Edaranyň wekili Homaýun Afganyň sözlerine görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin böwet bolan ýuridiki we tehniki päsgelçilikleri aradan aýryldy.
Owganystanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abdul Latif Nazari degişli ýurtlary we Bütindünýä bankyny «ähli taraplaryň sebit maksatlaryna ýetmegi üçin TOPH taslamasynyň maliýe tarapynda ünsüni jemlemäge çagyrdy».
Yslam Emirliginiň wekili Zabiulla Mujahidiň habar bermegine görä, TOPH turba geçirijisiniň taslamasyna gatnaşýan birnäçe ýurtlaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi.
Owgan ykdysatçylarynyň pikirine görä, TOPH taslamasy ýurduň ykdysadyýetiniň özmegi üçin möhümdir.
«Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi geosyýasy we ykdysady tarapdan Owganystanyň ornuny berkider, ol Owganystanyň elektrik energiýasyna we gaza bolan zerurlygyny kanagatlandyrar» - diýip, çeşme analitik Darýa Han Bahiriň sözlerini getirýär.
Rus kompaniýalarynyň Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi barada ýakynda Russiýanyň Kabuldaky ilçisi Dmitriý Žirnow habar berdi.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ýakynda Yslamabatda geçirilen türkmen-pakistan seminarynda hem maslahatlaşyldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek işiniň meseleli ýagdaý däldigini belledi.
Öň habar berlişi ýaly, ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr boljak TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» türkmen gaz käninden başlap, Hyrat we Kandagar owgan şäherlerinden, Kwetta we Multan pakistan şäherlerinden geçirip, Hindistanyň günbatarynda Fazilka diýen ýere çenli çekiler. Umumy uzynlygy - 1814 km, şolardan 207 km Türkmenistandan, 774 km - Owganystandan we 826 km – Pakistandan Hindistanyň serhedine çenli geçer.
Taslama Russiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň goldawyny aldy. TOPH taslamasyny maliýeleşdirmeklige gatnaşmaga meýli barada AÖB, ÝÖTB, YÖB, Saud ösüş gaznasy we beýlekiler mälim etdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.