Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejesinde saklanýar

15:26 06.03.2023 4853

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/7025/original-164058dac846ce.jpeg

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýylyň ilkinji iki aýynda 6,2% derejesinde saklanýar. Munuň özi ýurdumyzyň depginli ösüşine şaýatlyk edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow  geçen anna güni 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Hökümet mejlisinde belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 3,4 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,7 göterim ýokarlandy. Döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.