Manamada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
18:49 23.02.2023 6583
Çarşenbe güni Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny, şeýle-de Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda Hökümetara derejesinde ýurtlaryň arasynda howa aragatnaşygy hakynda Ähtnama; deňiz ulaglary babatda; tehniki we ýokary bilim hakynda; standartlaşdyrma, sertifikatlaşdyrma, ygtyýarlandyrma we metrologiýa,senetçilik we däp-dessurlar ulgamynda Ähtnamalar agol çekildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
Ählumumy deňiz-howa logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnama laýyklykda, iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bilelikdäki isleg göz öňünde tutulyp, Bahreýn Patyşalygy ýurdumyza şu merkeziň başlangyjynyň çäginde hyzmatdaş derejesini hödürleýär. Bu Şahadatnama türkmen tarapyna berildi.
Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.
Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa çykyşyny tamamlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň 2019-njy ýylda ýurdumyza bolan saparynyň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, hususy pudak boýunça gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nygtady.
Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi hem-de iki ýurduň telekeçileriniň sergilerini geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Bahreýniň işewür düzümleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum işini giňeltmek üçin oňat esas bolar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.