HNGU-nyň selektiw pakerleri nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmaga ýardam eder
14:41 10.07.2020 8987
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenilýän nebit guýularynyň aglabasy ownuk plastlardan ybaratdyr. Bu bolsa olary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary döredýär. Öndürijilikli plastlaryň suwlulygynyň ýokary bolmagy, şeýle hem beýleki şertler nebit guýularynyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Çykarmasy kyn çig mallary işläp taýýarlamak, guýulary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak nebit çykarylyşyny artdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaklygy talap edýär.Nebitiň çykarylyşyny işjeňleşdirmek maksady bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky şahamçasynyň professor-mugallymlar düzümi plastlary üzňeleşdirmekde, guýulary ulanmak prosesinde sütünleri daşky gurşawyň täsirinden goramakda, şeýle hem abatlaýyş-öňüni alyş işleri geçirilende ulanylýan pakerleriň konstruksiýasyny işläp düzdüler.Pakerleriň netijeliligi barlaghana we önümçilik şertlerinde subut edildi. Selektiw pakerler iki sany pakerden ybarat. Olar guýuda islendik çuňlukda, şol sanda kese uçastoklarda we gapdal sütünlerde jaýdar oturdylýar.HNGU-nyň Innowasion ylym-okuw merkezi Marynyň «Tilsimat» maşyngurluşyk zawody bilen nebitgaz pudagy üçin pakerleri taýýarlamak hakynda şertnama baglanyşdy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.