2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2%-e deň boldy
22:21 14.02.2023 8722
2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-e barabar boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da, bu görkeziji senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,7 göterim boldy.
Maýa goýumlary 14,2 göterim ösdi, önümleriň eksporty, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy. Hasabat döwründe 4 müň sany täze iş orny döredildi. Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy - diýip, Prezident belledi.
«Ýurdumyzyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi. Başarjaň daýhanlar geçen ýyl bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler» diýip, Serdar Berdimuhamedow habar berdi.
Geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.