Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň 2022-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi
16:33 13.02.2023 4698
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde çykyş eden wise-premýer Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 114 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 109,4 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 150,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 116,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim, suwuklandyrylan gazyň meýilnamasy bolsa 105,1 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň 112,7 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasynyň 122,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ş.Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.