Pekinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
17:43 08.02.2023 5477
Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurda strategiki gatnaşyklaryň okgunly ösüşini belläp, taraplar energetika pudagynda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty Türkmenistan üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigi barada aýtdy. Öz gezeginde, Don Hao häzirki wagtda 16 türkmen talybynyň okaýan bu okuw mekdebinde bu ugurdan alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Ol şeýle hem Sian nebit uniwersitetiniň «Lu Banýa ussahanasynyň» çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy. Taslamanyň çäklerinde çäreleriň maksatnamasy fewralyň ahyrynda düzüler.
Diplomatik wekilhana tarapyndan iki ýurduň ýaşlarynyň dostlukly kabul edişligi guraldy we 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Sherwod atçylyk toplumynda «Hytaýda 2023-nji ýylda çyralaryň festiwaly» geçirildi.
Ýygnananlara ýaşlaryň bähbidi üçin ýurtda geçirilýän uly özgertmeler barada habar bermek bilen, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi talyplary bilelikdäki ylmy işleri geçirmäge, şeýle hem bu meselede Hytaýyň wekilleri bilen aragatnaşykda bolmaga çagyrdy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.