PETRONAS kompaniýasy «Türkmengaz» DK-nyň ýardam bermeginde Malaýziýadan Türkmenistana çarter uçuşyny gurady
22:26 18.09.2020 8367
Türkmenabadyň Halkara howa menziline «Malaýziýa howa ýollarynyň» uçary gondy. Ol Malaýziýanyň raýatlary bolan Petronas kompaniýasynyň hünärmenlerini, şeýle hem koronawirus pandemiýasy zerarly gatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde bu ýurtda galan türkmen raýatlaryny getirdi.
«Ýörite uçuş Petronas kompaniýasy tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň, şeýle hem Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy. Bu ýörite uçuş Taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistanda nebit amallaryny amala aşyrýan hünärmenleriniň meýilleşdirilen dolanyşygyny üpjün etmek maksady bilen guraldy» diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Kuala-Lumpur — Türkmenabat ýörite uçuşyna münülende, sanitariýa we epidemiologik protokolyň termometriýa, PCR synagynyň netijesiniň bolmagy we ýolagçylaryň arasyndaky fiziki aralygy saklamak ýaly ähli talaplary ýerine ýetirildi.
BSGG-niň we Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda, Malaýziýadan çarter uçuşynda gelen ýolagçylaryň ählisi hökmany iki hepdelik karantini geçerler.
Belläp geçsek, «Petronas» Türkmenistanda özüni iri nebitgaz çykarýan we «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» («PÇ(Т)SB») garamagyndaky kompaniýasynyň üsti bilen tebigy gazy satýan kompaniýa hökmünde tanatdy.
Kompaniýa Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit känlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Petronas ýigrimi ýyldan gowrak mundan öň «Blok 1» şertnamalaýyn çäginde taýýar önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekip, Türkmenistanda öz işine başlady.
Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň hatarynda Türkmenistandan talyplary «Petronas» tehnologiýa uniwersitetinde okatmagyň we hünär taýdan kämilleşdirmegiň maksatnamasyny agzap bolar.
1998-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän bu maksatnamanyň çäginde 152 sany türkmen talyby Malaýziýada «Petronas» tehnologiýa uniwersitetinde bilim almaga mümkinçilik aldy. Häzirki wagtda Türkmenistandan 36 talyp Malaýziýanyň bu abraýly ýokary okuw mekdebinde bilim alýar.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.