Nebitgaz taslamalaryna «ýaşyl» energetika garanda köp harçlamak meýilleri üçin BP kompaniýasy tankytlandy
20:36 29.12.2022 5985
BP britan nebitgaz korporasiýasy geljekde ýylda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine garanda, nebitgaz taslamalaryna has köp harçlamagy meýilleşdirýändigi üçin tankyt astyna alyndy. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, BP uglewodorodlar ulgamyna 2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda her ýylda 7,5 mlrd dollar goýmagy meýilleşdirýär. «Pes uglerodly» energetika taslamalarynyň ösdürilmegine ýylda 3-5 mlrd dollar goýular. Soňlugy bilen bu görkeziji 4-6 mlrd dollara çenli artyp biler.
«Kompaniýanyň harçlamalary onuň ileri tutmalaryny görkezip biler. Geň ýeri, energetika çökgünligi döwründe BP energiýanyň ekologiýa taýdan arassa çeşmelerine garanyňda, gazylyp alynýan ýangyja birnäçe milliard köp maýa goýmagy meýilleşdirýär» — diýip, Friends of the Earth ekologiýa guramasynyň wekili Maýk Çaýlds aýtdy.
Beýik Britaniýanyň «ýaşyllar» partiýasynyň liderleriniň biri Edrian Ramsiniň bellemegine görä, ekologiýa gün tertibine ygrarlylyk barada beýan etmeklerine garamazdan, nebitgaz korporasiýalary «öňküsi ýaly nebit bilen gazda has köp pul gazanmaga kararly». Ol ýurt häkimiýetlerini iri kompaniýalara basgy etmeklige çagyrdy.
Öz gezeginde, BP nebit we gaz bilen bagly bolmadyk taslamalaryň çykdajylarynyň, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine, wodoroda we bioenergetika çykdajylaryň 2025-nji ýyla çenli maýa goýumlaryň umumy möçberinden 40%-den gowrak artmagyna we 2030-njy ýylda 50%-e çenli ýetmegine garaşýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.