«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahatynyň we sergisiniň senesi belli boldy

19:04 28.12.2022 8127

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/6411/original-163abeafa18bbc.jpeg

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi indiki ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriler.

Bu sene Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda neşir edilen 2023-nji ýylda geçiriljek sergileriň we maslahatlaryň senenamasynda görkezilýär.

Belläp geçsek, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi ýurdumyzda her ýyl geçirilýän däp bolan pudaklaýyn çäre öwrüldi. Bu forumlara köp sanly bilermenler, alymlar, iri nebitgaz kompaniýalarynyň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary pudaklaýyn bazaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we meselelerini kesgitlemek üçin ýygnanýarlar.

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan GaffneyCline  britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda guralan ýöriteleşdirilen iri foruma dünýäniň 45 ýurdundan 500-den gowrak wekil gatnaşdy. 

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.