Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar
18:49 14.12.2022 4432
Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň arasynda söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklaryny kesgitlediler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn esasda ýurtlarymyzyň arasynda işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, döwlet Baştutanlary bilelikde durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamany mysal hökmünde görkezdiler.
Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparynyň we işewürler maslahatynyň ähli mümkinçiliklerini täsirli gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin esasy gural hökmünde ulanmaklygyň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.