Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň wekiliýeti bilen duşuşykda ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

19:06 02.12.2022 5274

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/6172/original-16389a7c7910e9.jpeg

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, suw we ekologiýa pudagynda özara gatnaşyklar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklaryň geçirilendigini belledi we olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýokary derejeli duşuşyklaryň, hususan-da Türkmenistan bilen Eýranyň Prezidentleriniň arasyndaky ynanyşykly we netijeli gepleşikleriň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti barada nygtadylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi. Bu ugurda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, nebit-gaz ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny, suw we ekologiýa ugurlaryndaky, şol sanda suw gorlaryndan bilelikde rejeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň çäklerinde, ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ösüşiniň oňyn depgini barada aýyldy. Şunu bilen baglylykda, bar bolan uly mümkinçilikleri geljekde durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin itergi bermegiň wajypdygyny bellediler.

Gepleşikleri dowamynda eýran wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijelerine, şeýle hem geljekki meýilleşdirilen hereketlere seredildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.