Ankarada Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üstaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
16:03 30.11.2022 8976
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 28-nji noýabrda Ankarada geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Awazada geçirilmegi göz öňünde tutulan Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn dyşuşygyna görülýän taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly ýolbaşçylyk etdiler.
Ministrler R.Meredow we M.Çawuşogly Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändiklerini tassykladylar.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň hem-de sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary we iň ýokary derejedäki gepleşikleriň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň gatnaşyklaryň ilerledilmeginde esasy görkeziji bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň başynda Türkiýä sapary amala aşyrmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hereketleri utgaşdyrmaklygyň zerurdygyny aýdyp, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döwletara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň orny barada belläp geçdiler.
Energetika pudagyna, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. R.Meredow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.