Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy maslahatlaşyldy
17:05 24.11.2022 7451
Geçen çarşenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň kabul edilmeginden öň, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Ýöne Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, ony taýýarlamak boýunça ýeterlik işler geçirildimi? Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilen bu resminama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipelere laýyk gelýärmi, onda döwletimizi ösdürmek we adamlaryň abadançylygyny gowulandyrmak boýunça işleri doly we bökdençsiz maliýe taýdan üpjün etmegiň soraglary göz öňünde tutuldymy, bu işleri kämilleşdirmek boýunça ýene-de näme etmeli?
Gurbanguly Berdimuhamedow «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» her ýyl we bellenen möhletlerde, öz wagtynda durmuşa geçirilmeli wezipeleriň anyk görkezilendigine ünsi çekdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy: “2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýärmi?” diýen sowal bilen ýüzlendi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny seljerip görmegi teklip etdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi. “Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?” diýen sowallar bilen ýüzlendi.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr. Biz, ilkinji nobatda, hut şundan ugur almalydyrys diýlip nygtaldy.
Ýöne, bellenilişi ýaly, Döwlet býujetinde telekeçileri goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin serişdeler ýeterlik mukdarda göz öňünde tutulmandyr.
Içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, döwlet desgalaryny we kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça bellenen serişdeler ýeterlik däl diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şonuň bilen birlikde, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmegi dowam etmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly soraglary çözmek boýunça çäreler Döwlet býujetinde ýeterlik göz öňünde tutulmandyr. Geçen ýyllardaky ýaly, Döwlet býujetinden durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberi onuň 70 göteriminden ýokary geçmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Aýdylanlary jemläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.