Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-ni ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
16:45 11.11.2022 5948
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde belledi. Bu barada TDH agentligi habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmegi biziň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyry boldy.
«Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi isleýäris. Hususan-da, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda gürrüň barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys.
«Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa, häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji hökmünde çykyş edýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
«Bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda hem-de işjeň üpjün etmeli. Munuň ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimize öwrülmelidigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy üns çekdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.