Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýar — DIM
20:27 08.11.2022 4725
Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygynda bellenilip geçildi.
Gepleşikleriň dowamynda aç-açanlyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň we depginli ösýändigi bellenildi.Diplomatlar "Merkezi Aziýa - ABŞ" (C5+1) görnüşindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar we dowam edýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň netijeliligini bellediler.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlaryndaky bilelikdäki işler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi, bu ugurlar boýunça birnäçe maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Howanyň üýtgemegi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly ekologiýa meselelerine-de üns berildi.
Taraplar saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny bellediler.
Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, şeýle hem halkara we sebit temalaryna, şol sanda owgan meselesine-de seredip geçdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistan hökümeti bilen ABŞ-nyň hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.