Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
17:41 26.10.2022 11095
Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany Gutlagynda «ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn» diýip belledi.
«Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Gaz geçirijileri, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitimizde durnukly ösüşi, parahatçylygy berkitmäge has-da kuwwatly itergi berer. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr. Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär» diýip, türkmen Lideri belledi.
Bu möhüm ugurlar şu gün açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» sergisinde öz beýanyny tapdy. Pudaklaýyn gözden geçiriliş ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň esasy öndürijileriniň işewür gatnaşyklary hem-de göni netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüşleri bilen tanyşdyrmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen birlikde, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary — energetika ulgamynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary tehnologik mümkinçiliklerini görkezdiler. Umuman, 50-den gowrak kompaniýa sergide iň täze işläp taýýarlamalaryny we nebitgaz pudagynyň ösüşiniň ýörelgelerini görkezdiler.
Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen bu iri forum utgaşykly görnüşde geçirilip, onlaýn görnüşde dünýäniň onlarça döwleti gatnaşdy.
Halkara sergi üç günläp — 28-nji oktýabra çenli dowam eder.
Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» Halkara maslahaty öz işine başlar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.