«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

12:56 26.10.2022 3506

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5851/original-16358e84151fb9.jpeg

Hormatly adamlar!

Gadyrly halkara maslahata wesergä gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

Ýurdumyz baý uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek arkaly ählumumy ösüşi we parahatçylygy gazanmak ugrunda taýsyz tagalla edýär. Gaz geçirijileri, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitimizde durnukly ösüşi, parahatçylygy berkitmäge has-da kuwwatly itergi berer. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr. Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin nebithimiýa we gazhimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugry ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak hem-de energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän, eksport edilýän möçberini artdyrmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.

Türkmenistan täze gurulýan önümçiliklerde iň gowy dünýä tejribesiniň, öňdebaryjy, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň has-da artmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilmegine, olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga makalalar
162f0a433a01ce.jpeg
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


167b0460fc99e0.jpg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi

14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


162f0af9326ae4.jpeg
Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi

6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.


167ad7895739b6.jpg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


162f10dbbd1aaf.jpeg
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.