Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär - Jarnama

09:12 22.10.2022 10709

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5826/original-1635294e367299.jpeg

Türkmenistan we Özbegistan maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, möçberleri artdyrmak we özara söwdany giňeltmek, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary ederler. Bu barada Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnamada aýdylýar. Jarnama Şawkat Mirziýoýew bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda anna güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça gol çekilen Jarnamada aýdylýar.

«Taraplar maýa goýum hyzmatdaşlygyny depginli çuňlaşdyrmak, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we giňeltmek, şeýle hem onuň ösüşini bökdeýän päsgelçilikleri aýyrmak üçin bilelikde tagallalary ederler» .

Taraplar serhetýaka çäklerde söwda zolaklaryny bilelikde ösdürmek işinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan edýärler. Taraplar iki döwletiň kompaniýalarynyň awtomobil we ýörite tehnikalaryny özara ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýetini ösdürmek hem-de energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm ähmiýeti bolan energetika ulgamynda netijeli özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam ederler. Taraplar tebigy gazy we elektrik energiýasyny gysga, orta we uzak möhletli geljekde özara bähbitli şertlerde satyn almak, ibermek hem-de üstaşyr geçirmek üçin mundan beýläk-de taýýardyklaryny beýan edýärler.

Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 533,5 mln dollara barabar boldy. Bellenen döwür üçin söwdanyň düzüminde paýyň aglaba bölegini, ýagny ABŞ-nyň 338,9 mln dollaryna barabar bolan  ýangyç, çalgy ýaglary we şuňa meňzeş önümler eýeledi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.