15-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

15:45 13.10.2022 5740

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5733/original-163479d165e70f.jpeg

Çarşenbe güni Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen wideoaragatnaşyk görnüşindäki duşuşykda 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Duşuşygyň dowamynda meýilleşdirilýän Forumyň gün tertibinden gelip çykýan hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da saglygy goraýyş, sanly hyzmatdaşlyk, syýahatçylyk, ekologiýa we energetika, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meslelerine aýratyn üns berildi. 

Şeýle hem Bilelikdäki Beýannamanyň we 2023-nji ýyl üçin Forumyň Sekretariatynyň iş Meýilnamasynyň taslamalary boýunça meselelere seredilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary türkmen tarapynyň bu Forumyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy we konstruktiw dialogy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar şeýle hem öňümizdäki çäräniň guramaçylyk-protokol meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.