Geçen hepdäniň birža täzelikleri

21:48 31.08.2020 8879

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/577/original-15f4c819fc51a3.jpeg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň işewürleri şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 109 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we garaköli goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


163070ce276e13.jpeg
Balkan welaýatynda uglewodorodlaryň önümçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň esasy nebitgaz toplumy bolan Balkan welaýatynda 2025-nji ýyla çenli tebigy gazyň çykarylyşyny ýylda 11 mlrd kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady howplardan goranmak boýunça Agentligiň Ykdysady howplary analiz etmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Hangeldi Gurbangeldiýew türkmen metbugatyna beren teswirinde belledi.


1630608dd4382e.jpeg
Birža söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň we awiakerosiniň eksporty boýunça geleşikler baglaşyldy

22-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 5,4 mln dollaryna barabar bolan 12 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


167d13965b29d6.jpg
300-e golaý wekil Aşgabatda 18-nji martdaky Halkara maýa goýum forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça geçiriljek Halkara forumyna («Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT 2025) taýýarlyk işleri dowam edýär. Forum 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil foruma gatnaşjakdygyny eýýämden tassyklady.