Türkmenistan hazarýaka döwletlerini energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
14:34 07.10.2022 11062
Türkmenistan hazarýaka döwletlerini energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada geçirilen Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
«Şu ýyl Aşgabatda geçirilen 6-njy Hazar sammitiniň möhüm netijeleriniň biri energetika pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmäge biziň döwletlerimiziň gyzyklanma bildirýändigini tassyklamagyndan ybarat boldy, bu ulgamyň ösdürilmegi häzir diňe biziň sebitimiz üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin hem möhüm boldy» diýip, Geldimyradow aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, «hazarýaka ýurtlarynyň örän uly tebigy baýlyklary hem-de ösen ýangyç energetika senagaty bar». «Biziň döwletlerimizde 2021-nji ýylda nebitiň çykarylyşy 13,7 million barrele ýa-da dünýä derjesinde çykarylmagynyň 20%-ne deň boldy. Tebigy gazyň alynşy 1 milliard kubmetrden gowrak ýa-da dünýä möçberiniň 26%-ne barabar boldy. Sebitiň ýurtlary elektroenergitakynyň dünýä derejesindäki möçberiniň 6%-ni işläp çykarýarlar» diýip, Türkmenistanyň wekili nygtady.
Onuň pikirine görä, şunda ýangyç-energetika pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwletara işleriniň utgaşdyrylyş derejesini ýokarlandyrmak möhüm bolmagynda galýar.
“Şeýle hem söwda infrastrukturasyny ösdürmek hem-de eksport ugurlaryny döretmek baradaky meseleleri toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berjek harytlary geçiriş ulgamyny kemala getirmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmegi zerur hasaplaýarys” diýip, Hojamyrat Geldimyradow nygtady.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.