Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
15:19 30.09.2022 7692
Şöhrat ÇOPANOW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi:
— Döwlet Maslahatyna gatnaşmagymy uly buýsanç we uly jogapkärçilik diýip hasaplaýaryn, onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyz bilen bilelikde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy.
Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň baý mazmunly çykyşyny uly üns bilen diňlediler hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy şol başlangyçlaryň baş maksady bolup durýar.
Ýurdumyzy ösdürmek boýunça ähli meýilnamalaryň durmuş ugurlydygyny bellemek gerek. Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça taryhy çözgütleriň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkidip, täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Ata Watanymyzyň Arkadagly Serdarymyz bilen täze üstünlikleri gazanjaklygy şübhesizdir.
Saparguly BERDIÝEW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň önümçilik meseleler we innowasion tehnologiýalar boýunça bölüminiň başlygy:
— Ruhyýet köşgünde geçen umumymilli foruma gatnaşyjylaryň hemmesi hem beýik işe dahylly bolmak duýgusyny başdan geçiren bolsa gerek, çünki Döwlet Maslahatynda Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bilen bagly meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine uly üns berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda uglewodorod serişdelerine we elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar.
Arkadagly Serdarymyz ýangyç-energetika toplumynda kesgitlenilen anyk wezipeleri mysal getirdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Nebitgaz pudagynyň wekilleri döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli taslamalary bilen bir hatarda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdan sözlerini guwanç bilen kabul etdiler.
Pudagyň ösdürilmegine berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de öňümizde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdigimize ynandyrmak isleýäris.
Amangül NOBATOWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň ugradyjy sehiniň esasy inženeri:
— Ata Watanymyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygynyň öň ýanynda maňa Döwlet Maslahatyna gatnaşmak bagty miýesser etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşyny uly üns bilen diňledik, onda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmek boýunça görlen çärelere syn berildi, esasan-da eziz Watanymyzy täze belentliklere çykarmak boýunça öňde aýdyň maksatlar goýuldy we anyk wezipeler kesgitlenildi.
Arkadagly Serdarymyzyň ykdysadyýetde özgertmeleriň geçirilmegi bilen bir hatarda jemgyýetde ahlak gymmatlyklarynyň goralmagyna, ýaşlaryň ata-babalarymyzyň däplerine wepalylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berýänligi diýseň guwandyrýar.
Biz öňümizde goýlan jogapkärli wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geleris.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.