SOCAR Trading SA — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy
14:47 30.09.2022 6662
Global energetika treýderi bolan SOCAR Trading «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy diýlip yglan edildi diýip, ýakynda geçiriljek çäräniň guramaçysy — Turkmen Forum kompaniýasy habar berdi.
Ştab-kwartirasy Şweýsariýada ýerleşen SOCAR Trading SA kompaniýasy Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) marketing şahasy hökmünde 2007-nji ýylyň dekabrynda hasaba alyndy. Ol Azeri-Çyrag-Güneşli känlerinden we Azerbaýjandaky beýleki golaýdaky känlerden çykarylan nebiti satmak maksady bilen döredildi. Şol wagtdan bäri kompaniýa halkara bazarlarynda gerimini barha giňeltdi we häzir nebit we nebit önümleri ulgamynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar.
SOCAR Trading SA maýa goýumlar we logistika amallar, üçünji taraplaryň nebit we nebit önümlerini satmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemek boýunça amallara gatnaşmak işlerinde düýpli üstünlikleri gazandy. Kompaniýa şeýle hem Günbatar ugruň nebit geçirijileri arkaly Gruziýa, Baku-Tbilisi-Jeýhan boýunça Türkiýä we Baku-Noworossiýsk boýunça Russiýa azerbaýjan nebitini ibermekligi amala aşyrylýar.
SOCAR Trading SA kompaniýasy döwlet kärhanasynyň we garaşsyz kompaniýanyň çig mal serişdelerini satmak boýunça artykmaçlyklaryny özünde jemleýär. Sazlaşykly işiň netijesinde ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler we ýolbaşçylar topary toplumlaýyn IT-çözgütleriň hem-de içerki dolandyryşyň düzüminiň goldawy netijesinde SOCAR Trading SA energiýa serişdeleriniň söwdasy boýunça iň iri üstünlikli kompaniýalaryň birine öwrüldi.
SOCAR Trading SA öňdebaryjy ýewropa we dünýä banklary, şeýle hem döwlet guramalary, şol sanda Türkmenistandaky ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk edip, tutuş dünýäde hyzmatdaşlyk we işewür gatnaşyklary ýol goýdy Hazar deňzi sebitinde kompaniýa söwda akymlaryny düzgünleşdirmek üçin birnäçe infrastruktura taslamalaryna maýa goýum goýdy.
Önümçilik-satuw zynjyrynyň ähli tapgyrlaryna gatnaşyp, SOCAR Trading SA 2021-2033-nji ýyllarda nebitiň ýeňil fraksiýalary we suwuklandyrylan tebigy gazyň satuwyny artdyrmagyň hasabyna mundan beýläk hem giňelmegi meýilleşdirýär.
SOCAR Trading SA 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilenden soň, iki ýurduň söwda dolanyşygynyň has hem artmagynda möhüm orun eýelejekdigine ynanýar.
«Dostluk» ýatagynyň özleşdirilmegi tebigy gazy günbatara eksport etmek üçin ýurduň öňünde täze mümkinçilikleri açar. Ýatagyň nebit ätiýaçlyklary 60 mln tonna, tebigy gaz ätiýaçlyklary – 100 mlrd kub metre barabar.
«Dostluk» hazar ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy taýýarlamak boýunça Iş toparynyň dördünji duşuşygynyň barşynda bilelikdäki işleriň barşynda öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.