«Demirgazyk akymda» adatdan daşary ýagdaý: Ýewropa «bilini berk guşaýar»

12:35 29.09.2022 10244

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5632/original-1633543d797e87.jpeg

Anna güni, 30-njy sentýabrda «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy-2» gaz geçirijilerine amala aşyrylan diwersiýalar bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi gyssagly mejlis geçirer diýip, dünýäniň habar beriş serişdeleri belleýär.

Sişenbe güni, 27-nji sentýabrda irden, «Gazpromyň» şahamçasy Nord Stream AG kompaniýanyň Baltika deňziniň düýbi bilen Germaniýa «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy – 2» — iki sany gaz geçirijisinde adaty bolmadyk bozulmalar barada habar berdi.

«Bir günde bir wagtda birbada «Demirgazyk akymy» deňiz gaz geçirijileriniň üç şahasynda bolup geçen ýumrulmalar adaty bolmadyk häsiýete eýe» – diýip habarda aýdylýar.

— Gaz geçiriji infrastrukturanyň işe ukyplylygynyň dikeldilmek möhletlerini heniz bahalandyrmak mümkin däl – diýlip bellenilýär.

Şol bir wagtda Daniýanyň we Şwesiýanyň seýsmologlary «Demirgazyk akymy» gaz geçirijisinde bozulmalaryň bolup geçen ýerleriniň töwereginde güýçli partlamalary hasaba aldy.

«Demirgazyk akymlar»  bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň sebäbini indi anyklamaly. Umumy ykdysady zyýany hem ölçemek heniz kyn. Kimiň hasabyna turbalaryň abatlanyljakdygy we munuň näçe wagt aljakdygy hem mälim däl. Ýewropada önümçilikleriň togtadylmagy we gazyň aşa ýokary bahalarynyň bolmagy çaklanylýar. ÝB-de bolsa, gaz geçirijiden hemişelik mahrum bolmak howatyrlanmasy bar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bökdençlikler «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy – 2-niň» birbada üç şahasynda bolup geçdi. Bu Russiýa üçin hem, ÝB üçin hem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Taraplaryň ikisi hem bilkastlaýyn hereketler we diwersiýa barada aýdýarlar.

Ähli şahalaryň geçirijilik ukyby — 110 mlrd kub metr. Ýewropada gazyň bahasy bolsa häzir müň kub metrine 2000 dollardan geçýär. Gaz geçijileriň ikisi hem partlama bolan wagtynda işledilmeýändigine garamazdan, olarda ýüz millionlarça kub metr tehnologiki gaz toplandy.

Şol bir wagtda Ýewropa häzirden kyn günlere taýýarlyk görýär. Tagesspiegel neşiriniň hökümetde öz çeşmelerine salgylanyp, habar bermegine görä, häkimiýetler «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy – 2» gaz geçirijileriniň üç turbasynyň ulanmak üçin hemişelik mahrum bolunmagyndan howatyrlanýarlar.

Häzir Ýewropa gaz ibermeleri diňe Ukrainanyň çäginden (günde 42 million kub metr) we «Türk akymy» turba geçirijisi arkaly iberilýär. «Demirgazyk akymy» ýewropalylar geosyýasy göreşi aradan aýyrmak we çäklendirmeleri ýatyrmaga derek gaz almak üçin ulanyp bilerdiler. Indi welin, Ýewropa meseläni çözmek we Russiýadan gaz ibermelerini kadalaşdyrmak mümkinçiliginden mahrum boldy. Energo sarp edişli ýüzlerçe ýewropa zawodlary howp astynda durýar. Metallurgiýa we dökün önümçiligi howp astyna düşer — azot dökünlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň 70 göterimi häzir boş dur.

Şeýlelikde, Ýewropada energetika çökgünligi gyşda täze ýiti tapgyryna girer. Russiýa, öz gezeginde, gaz ibermelerinden alyp biljek mümkin bolan girdejilerinden näbelli möhlete çenli mahrum bolýar. RF-niň DIM-inde beýan etmeklerine görä: Moskwa Brýussel bilen bilelikde «Demirgazyk akymlardaky» adatdan daşary ýagdaýy derňemäge taýýar. 

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.