Pakistanyň Döwlet nebit ministri Türkmenistanyň DIM-inde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

12:43 22.09.2022 4662

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5582/original-1632c10bfb1935.jpeg

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, hususan-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça strategiki taýdan möhüm bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň mundan beýläk hem öňe gitmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Pakistanyň Döwlet nebit ministri her bir gatnaşýan taraplar hem-de bütin sebit üçin wajyp bolan bu taslamalary Pakistanyň ýolbaşçylygynyň goldaýandygyny nygtady.

Agzalan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmegi türkmen-pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Belläp geçsek, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Döwlet nebit ministrini kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy. 

Başga makalalar
164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164fb179206a39.jpg
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.