Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

10:39 14.09.2022 5272

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5510/original-1632081965fd95.jpeg

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Mejlise iki tarapdan toparyň agzalary, şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdy.

2017-nji ýylyň 14-15-nji martynda Ýerewanda geçirilen Toparyň 8-nji mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilişi hakynda maglumatlary diňläp, duşuşyga gatnaşyjylar geçirilen işleriň depginini kanagatlanma bilen bellediler we bellenilen maksatlara ýetmek ugrunda özara gatnaşyklary dowam etmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Taraplar 2017-nji ýylyň 23-24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana resmi sapary wagtynda we 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Ermenistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary wagtynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň wajyplygyny, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşini çuňlaşdyrmaga itergi berendigini bellediler.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna garap, taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ermenistanyň subýektleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri mundan beýläk hem döretmek zerurlygy nygtaldy.

Topar iki ýurduň degişli ministrlikleri we guramalary üçin söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk teklipleri taýýarlady. Taraplar Ermenistanda «Türkmenistan» söwda öýüni we Türkmenistanda «Ermenistan» söwda öýüni açmak mümkinçiligine garadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz, senagat, obahojalyk, azyk we dokma senagaty pudaklarynyň önümleriniň Ermenistana eksport edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky özara söwda gatnaşyklarynyň ösmegine we berkidilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, işewür hyzmatdaşlary gözlemekde, işewür-forumlary, maslahatlary, kongresleri we sergileri geçirmekde işewür düzümlere ýardam etmek boýunça teklipler beýan edildi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny artdyrmak we eksport edilýän harytlaryň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Mejlisiň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Şu maksat bilen Topar Ermenistanyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministrligine, Türkmenistanyň Energetika ministrligine we «Türkmengaz» döwlet konsernine  Türkmenistandan Ermenistana gaz we energiýa ibermek bilen bagly meseleleri işläp taýýarlamak we ylalaşmak hem-de degişli ylalaşyklary baglanyşmagy tabşyrdy.

Türkmen tarapy Ermenistanyň nebitgaz guramalaryny we kompaniýalaryny her ýylda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara gaz maslahatyna, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz guramalary tarapyndan işleri geçirmek, hyzmatlary etmek, şeýle hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrdy.

Topar şeýle hem maliýe we ykdysadyýet, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, gurluşyk we binagärlik, syýahatçylyk we sport, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda hzymatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini belledi.

Ulag ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen taraplar «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Ermenistan» halkara demir ýol ugruny işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmak we iki ýurduň çäklerini peýdalanmak bilen üçünji ýurtlara üstaşyr awiagatnawlary guramak mümkinçiligine seretmek bellenildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.