Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

08:00 03.09.2022 5184

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5426/original-16311a0ecaf1d1.jpeg

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.

Ýewrokomissiýanyň başlygynyň geçen hepde bellemegine görä, ÝK energiýa nyrhlary saklap galmagyň ýollaryny öwrenýär, şol sanda Russiýanyň gazynyň bahasynyň aňry çäginiň girizilmek mümkinçiligine garaýar.

«Meniň pikirimçe, tersine bolar» - diýip,  Vygon-yň analitigi bu çäreleriň kabul edilmeginiň bahalaryň ösmegini saklap biljekdigi ýa-da ýokdugy baradaky sowala jogap berdi.

«Galyberse-de, bu çäre iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar şeýle-de Ýewropa kömek etmäge howlugyp baranok. Norwegiýa gazyň bahasyny aşaklatmak çagyryşyny ýaramaz kabul etdi, Katar nemesleriň şertlerinde Germaniýa bilen şertnama gol çekmedi. Geljekde «Gazpromyň» ykbalyny paýlaşmak pikiri olaryň göwnünden turasy ýok» diýip ol belledi.

Şol bir wagtda şu ýylyň mart aýynda neşir edilen ÝB-niň REPOWER EU  meýilnamasyna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli rus gazynyň importy nol derejä getirilmeli diýip, Belowa belledi.

Ýewropada gazyň birža bahalary geçen ýylyň ýazyndan bäri ýokarlanýar we taryhy maksimumlary täzelemegini dowam edýär. 7-nji martda bir müň kub metriniň bahasy 3892 dollara ýetip taryhy rekord goýuldy. Gazyň bahalary bir gün öň ýazyň başyndan bäri ilkinji gezek 3500 dollardan geçdi, emma ertesi ýene 2500 dollara çenli aşak düşdi. Bu geçen ýylyň görkezijilerinden ep-esli ýokary.

Ýewrokomissiýanyň pikiriçe, Ýewropada gazyň bahalary gazyň bahalary geljek gyş şu durkunda durar we 2024-2025-nji ýyllarda aşaklar. Bu barada penşenbe güni ÝK-nyň wekili Tim Makfi brifingde belledi.

«Biziň pikirimizçe, bahalar geljek gyş hem şu durkunda durar, olar 2024-nji ýylda aşak düşer. Emma olar birnäçe yrgyldylara sezewar» diýip ol «mawy ýangyjyň» bahalary barada aýtdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.