Birža söwdalarynda ýangyjyň dürli görnüşleri we polietilen ýerlenildi
16:57 22.08.2022 6305
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň hem-de BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar.
Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçileri bolsa nah ýüplügi we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million 960 müň manatlyk “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.